Arassaçylygyň ak şäheri


27.04.2021 41
Arassaçylygyň ak şäheri

     Milli Liderimiziň paýhasyndan paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň daş-töwereginiň, ajaýyp şaýollardyr köçeleriň bagy-bossanlyga, hoştap ysly güllere beslenmegi, lälezarlyga bürenmegi täsin gözellik dünýäsini döretmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem emele getirýär. Ter gülleri, owadan baglary ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň zähmetsöýer işgärleri paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga, gülzarlyga bürenmegi üçin tagalla baryny edýärler. Paýtagtymyzdaky ýyladyşhanalaryň işgärleri hem her hepdäniň şenbe güni geçirilýän arassaçylyk, baglary timarlamak işlerine edara-kärhanalaryňdyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, saglygy goraýyş edaralarynyň zähmet toparlary bilen birlikde, ak şäherimiziň arassaçylygyna, abadançylygyna, ýakymly ysly ter güllerdir owadan baglar bilen bezelmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şu günler şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde işine ussat bagbanlar ak şäherimizde täsin bagy-bossanlygy, gülzarlygy döretmekde döredijilikli zähmet çekýärler. Paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň we etraplaryň Bagçylyk müdirlikleriniň açyk meýdanlarda ýerleşýän nahalhanalarynyň bagbanlary geçen şenbe gününde hem özlerine berkidilen köçeleriň, şaýollaryň, täze açylýan edara binalaryň, desgalaryň daş-töweregini, seýilgähleri, sport we çagalar meýdançalaryny, okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, täze gurlan ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerini iň owadan güllerdir agaç nahallary bilen bezemekde aýratyn tapawutlanmagy başardylar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň işgärleri, Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň işgärleri, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyplary has-da göreldeli işläp, paýtagtymyzyň arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerine saldamly goşant goşdular.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code