Ajaýyp mukam


10.05.2021 149
Ajaýyp mukam

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralar uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadagly ak şäherim — Aşgabat» atly paýtagtymyzyň gözel künjeklerine awtobusly döredijilik syýahatçylygy guraldy. Döredijilikli syýahatçylyga sungat işgärleri, halypa bagşy-sazandalar, şahyrlar, döredijilik bilen gyzyklanýan talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda «Aşgabat» monumentine, «Aşgabat» myhmanhanasyna, «Aşgabat» stadionyna, «Aşgabat» söwda merkezine, «Mahabat» binasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezine, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binalaryna, «Arkadag» binasyna, «Arkadag», «Ylham», «Aşgabat» seýilgählerine, şeýle hem paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerlerine, täsin desgalaryna gezelençler guraldy. Syýahatyň dowamynda «Aşgabat» kinoteatrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň esasynda döredilen çeper film görkezildi. Milli atşynaslygy, Ahalteke bedewlerimizi wasp edýän çeper film syýahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Syýahatyň ahyrynda «Aşgabat» kinoteatrynyň öňünde «Arkadagly ak şäherim — Aşgabat» aýdymynyň belentden ýaňlanmagy bu ýeriň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. 7-nji maýda şanly waka mynasybetli guralan syýahatçylygyň çäklerinde dabara gatnaşyjylar “Aşgabat” monumentine, Mollanepes adyndaky Talyplar teatryna, Aşgabat wokzalyna, Oguz han suw çüwdürimler toplumyna, Aşgabat Halkara howa menziline, Türkmenistanyň Döwlet sirkine, Botanika bagyna, 16-njy tapgyryň çäklerinde iň täze tehnologiýalar esasynda gurlan ýaşaýyş toplumyna, “Älem» medeni-dynç alyş merkezine, “Abadançylyk» binasyna, belent Baş baýdak sütünine, Olimpiýa şäherçesine, “Sungat» binasyna, «Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň täsin binalaryna baryp gördüler. Syýahatçylygyň dowamynda paýtagtymyzdaky binagärligiň beýik nusgalaryny özünde jemleýän, ajaýyp desgalaryň öňünde halypa bagşy-sazandalarymyzyň ak şäherimizi, hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini, eziz Diýarymyzy, bagtyýar durmuşy wasp edýän aýdym-sazlarynyň uly joşgun bilen ýaňlanmagy, dabara gatnaşyjylaryň joşgunly aýdymlary goşulyşyp aýtmaklary bu möhüm ähmiýetli çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle hem, şahyrlarymyzyň okap beren Watanymyzyň beýik ösüşlerini, gözel Aşgabady wasp edýän şygyrlary uly ruhubelentlik döretdi. Berkarar Diýarymyzy, gözel paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän, medeniýete, sungata uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, tutumly işleriniň rowaç bolmagy baradaky alkyşly sözler bu syýahata gatnaşyjylaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code