Berkarar döwletiň belent binasy


03.07.2021 333
Berkarar döwletiň belent binasy

    Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär. Gurluşyklaryň barha batlanýan depgini milli ykdysadyýetimiziň has berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren myhmanhana toplumy Aşgabadyň syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini has aýdyň ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Şu ýyl bellenilýän şöhratly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanylmaga berilýän täze, döwrebap binalar ýakynlaşyp gelýän ähmiýetli sene mynasybetli guralýan dabaralara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ine, öňňin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Myhmanhana toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan dabara ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, görnükli artistler gatnaşyp, özleriniň ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we bu ýerde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäräniň joşgunyny has-da artdyrdylar. Dabaraly pursat gelip ýetdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesdi. Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda «Arkadag» myhmanhanasy açyldy! Şu pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçuryldy. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan «Arkadag» myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr. Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilýändiginiň, şunlukda, adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygynyň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiz kaşaň myhmanhananyň içine girip, onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy, olarda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Myhmanhanada berkarar döwletimize gelýän myhmanlary milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylamak üçin döredilen şertler ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Myhmanhananyň zallary milli bezeg aýratynlyklary esasynda bezelipdir. Bu ýerde milli sungatyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň taryhyna, häzirki döwrüne we asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk gymmatlyklaryna degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlyklaryny emele getirýär. Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürlik düzümi döredilende, onda ýola goýulýan hyzmatlaryň binýadynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri ulanylýar. Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň gözegelüwliligini ýokarlandyrýar. Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen «Mekan» diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem, internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetiki otaglar, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşýanlar myhmanhananyň öňündäki meýdança çykdylar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Belli aýdymçylar we sazandalar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda mähriban Watanymyzy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleri, täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny we halkymyzyň agzybirlikde, bitewülikde ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan feýerwerk täze myhmanhananyň depesinde bu günki dabaralaryň hormatyna altyn öwüşginli agşamyň ajaýyp bezegine öwrüldi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code