Türkmenistan Russiýanyň «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy


20.01.2021 831
Türkmenistan Russiýanyň «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet saýty habar berýär. Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesindäki öňdebaryjy serişdeleriň biri bolup durýar we şol bir wagtda hem ol eýýäm dünýäniň dürli sebitleriniň döwlet häkimýetleri tarapyndan makullanyldy. Biz adamyň adenowirus ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilen hem-de degişli barlaglardan geçen «Sputnik V» serişdesi bilen ilata sanjym geçirilmeginiň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň derwaýys elementleriniň biri bolup durýandygyna ynanýarys», diýip belläp geçdi. Häzirki wagta çenli «Sputnik V» sanjymy dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlarynda ulanmak üçin makullanylandyr.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code