Täze binalar Aşgabada görk berer


26.07.2021 244
Täze binalar Aşgabada görk berer

      Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürip we abadanlaşdyryp, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu meselä döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Şu günler ak mermerli paýtagtymyz türkmen halkynyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäni — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Bular barada milli Liderimiziň golaýda Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem giňişleýin gürrüň edildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda, hususan-da, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berildi. Şeýle hem, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk hem-de şöhratly taryhy sene mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda täze desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli desgalaryň ýene-de birnäçesini açmak göz öňünde tutulýar. Häzir paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şeýle hem şäheriň köçelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Aşgabady bagy-bossanlyga büremäge, şol sanda onuň şaýollarynyň ugrunda, seýilgählerde we seýilbaglarda gülleriň dürli görnüşlerini ekmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzir Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň we onuň birnäçe binalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi-de şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da, gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olary degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň düzümlerini kämilleşdirmegiň meseleleri barada aýdyp, häkime Aşgabatdaky agyz suwy zawodyny düýpli abatlamak, könelişen suw geçirijileri döwrebaplaşdyrmak hem-de suwuň ygtybarly halkalaýyn suw üpjünçilik ulgamyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şäherde bina edilýän kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desgadaky gurluşyk işlerini bellenilen möhletde tamamlamagyň hem-de onuň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň jemagat hojalyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Olaryň işine innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de dünýädäki iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza şäher häkimligi tarapyndan satyn alnan we jemagat gulluklary üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglary gysga möhletde getirmek hem-de işe girizmek üçin zerur çäreler görülmelidir. Mundan başga-da, milli Liderimiz paýtagtymyzda köprüleri we ýollary abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat özüniň belent paýtagt derejesine laýyklykda, ähli görkezijiler, şol sanda binagärlik keşbi, durmuş-ykdysady, ýol-ulag we inženerçilik-tehniki düzümleri abadanlaşdyrmak, arassaçylygy we düzgün-tertibi saklamak boýunça çalt depginde ösýän hem-de adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertleri bolan döwrebap şäheriň nusgasy bolmalydyr. Iş maslahatynyň dowamynda dürli desgalary we binalary gurmak boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Hususan-da, «Altyn kölüň» kenarynda dynç alyş zolagynda binalary we desgalary hem-de Aşgabat şäherinde täze medeni merkezi gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşikleriň dowam edýändigi habar berildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzda giň gerimli şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, sanly ulgama geçilmegine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code