Köňülleriň buýsanjy


31.08.2021 144
Köňülleriň buýsanjy

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsançly täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy halkymyzyň ýüreklerini buýsanç duýgularyna beslän taryhy waka öwrüldi. Häzirki wagtda bolsa ata Watanymyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi joşgunly dabaralara beslenip barha ýakynlaşýar. Ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda hem baýramçylyk dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Diýarymyzda toýlanylýan her bir baýramy mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak mähriban halkymyzda asylly däbe öwrüldi. Watanymyzyň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlarynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan hem gözel paýtagtymyz Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerinden, ak mermere beslenen nurana keşbinden söhbet açýan kitaplar — «Köňülleriň nagmasy — Aşgabat» atly makalalar ýygyndysy hem-de «Arkadagly Aşgabat» atly goşgular ýygyndysy çap edildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bilen bilelikde toýlanmagynda çuňňur many-mazmun bar. Aşgabat şäheriniň ösen şähergurluşyk-binagärlik keşbi Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen bagtynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup dabaralanýar. «Köňülleriň nagmasy — Aşgabat» atly kitapda institutymyzyň ussat mugallymlary tarapyndan ýazylan döwrüň beýik binagäri bolan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, durmuşa geçirýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde özgeren paýtagtymyzyň döwrebap keşbi hakyndaky makalalar ýerleşdirildi. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabat şäheriniň çäginde bina edilen döwrebap ýaşaýyş toplumlary, jemgyýetçilik-medeni maksatly desgalar gür bagly seýilgähler, şaýollaryň, köçeleriň gyralarynda döredilen ýaşyl zolaklar hem-de ýollaryň çatryklaryndaky aýlawlarda gurlan bezeg binalary bilen kämil, bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bularyň ählisi bitewülikde halkymyzyň eýe bolan mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň baş şäherinde ýetilen belent sepgitleriň, üstünlikleriň aýdyň nyşany bolup, Ýer ýüzüni haýrana goýýar. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany, merjen şäherimiz Aşgabady beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code