Bagy-bossan ak şäher


21.12.2021 367
Bagy-bossan ak şäher

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen eziz Watanymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary bir-birine sazlaşykly, urp-adatlarymyz, milli gymmatlyklarymyz, dünýäde gazanylýan tejribeler bilen utgaşdyrylyp döwrebap derejede ösdürilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň ajaýyp üstünliklere beslenip bellenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ata Watanymyzyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kabul edilen şähergurluşyk maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş-medeni maksatly binalar bilen bir hatarda, seýilgähleriň gurluşygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabady sebitde we dünýäde binagärlik taýdan owadan, bagy-bossanlyga bürenen, arassa şähere öwürmekde, ilatyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekde we goramakda, berkitmekde umumadamzat ähmiýetli mynasyp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň uly üstünliklere beslenýän ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň öňünde eden umumy okuw sapagynda: «Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar. Siz soňky ýyllarda tokaý meýdanlarynyň çalt depginler bilen giňelýändigini görýänsiňiz. Awtomobil we demir ýollarynyň ýakalarynda tokaý zolaklary barha köpelýär. Seýilgähler ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy emele getirýär» diýip belläp geçmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alnan, ak mermere bürenen gözel paýtagtymyzda döredilýän seýilgähler ynsan ýaşaýşynda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz özüniň çykyşlarynda ynsanyň sagdyn ýaşamagy we uzak ömür sürmegi üçin pyýada gezelenç etmegi, kadaly iýip-içmegi, rahat ukyny, sport bilen meşgullanmagy sargyt edýär. Adamzadyň ýaşaýşynda, onuň bedeniniň ähli synalarynyň sazlaşykly işlemeginde, çagalaryň we ýaşlaryň kadaly ösüp boý almagynda iň bir möhüm zerurlyklaryň biri-de jana şypa beriji, arassa, tämiz howadyr. Her bir ynsanda täsin duýgulary oýarýan tebigatyň köp görnüşli baý ösümlik dünýäsidir. Ýurdumyzda ilatly ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barha ýokary depginlerde durmuşa geçirilýär. Agaç ekmek, gür baglyk döretmek ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän ýol-ýörelge, iň bir sogaply işler hasaplanýar. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda iki möwsümde agaç nahallaryny oturtmak boýunça geçirilýän köpçülikleýin ählihalk bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşyp, ilkinji agaç nahalyny ekmek bilen bütin ulus-ilimize görelde görkezýär. Ählihalk bag ekmek dabaralaryna ak sakgally gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň, dürli kärde zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda agzybirlikde, guramaçylykly, toý-baýramlara besläp geçirmeklik indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Güneşli Diýarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän pürli, saýaly, miweli we gyrymsy baglar bolsa ýurdumyzda tokaýlyklaryň geriminiň barha giňemegine getirýär. Tokaýlary emele getirýän ösümlik dünýäsi daşky gurşawy gorap saklamagyň möhüm şertidir. Tokaý ösümlikleri howany tozandan we zäherli zyýanly gazlardan arassalaýar. 1 gektar tokaýlyk her ýylda 50 tonna golaý tozany saklap bilýär. Ösümlikleriň köpüsi kükürtli gazy, azodyň, uglerodyň birleşmelerini, ftory, hlory özüne siňdirýär. Ösümlikleriň tebigatdaky wajyp ähmiýeti, atmosfera howasyny kislorod bilen baýlaşdyrýar. 1 gektar tokaý ösümlikleri günde 180-200 kilograma çenli kislorody bölüp çykarmaga ukyplydyr. Tokaý ösümlikleri kömürturşy gazyny özüne sorup alyp, howany arassalaýar. 1 gektar tokaý ösümlikleri sagatda 8 litre golaý kömürturşy gazyny sorup alýar. Ösümlikler howanyň düzümindäki zyýanly mikrobedenjikleri ýok ediji uçujy madda bolan — fitonsidleri bölüp çykarmaga-da ukyplydyr. Türkmen arçasy, wirgin arçasy, eldar sosnasy, gündogar biotasy, kerkaw, grek hozy fitonsidleri bölüp çykarýan ösümliklere degişlidir. Ýaprakly agaçlaryň 1 ýylyň dowamynda 2—3 kilogram, pürli agaçlaryň 5 kilogram, türkmen arçasynyň bolsa 30 kilograma çenli fitonsid maddalaryny bölüp çykarýandygy ylmy tarapdan esaslandyrylandyr. Ösümlikler seslerdir goh-galmagallaryň güýjüniň 25 göterimini özünde saklap, ýokary sesi peseldýär. Ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde ekilýän ösümlikler şäherleri we obalary bezemek bilen daş-töweregimizi abadanlaşdyrýar, gülzarlyga öwürýär we adamlarda tebigy gözellige bolan duýgyny, söýgini oýarýar. Adamlaryň tebigat bilen ysnyşmagy bolsa, olaryň beýni ulgamyny rahatlandyryp, göwnüni göterýär. Ösümlikleriň dürli görnüşlerine baý ýerler adamlaryň örän gowy dynç alýan ýerleri bolup hyzmat edýär. Ösümlikler toprakdaky suwlary bugartmak bilen ýerasty suwlaryň derejesiniň belli bir kadada saklanmagyna we topragyň çüýrüntgiler bilen baýlaşmagyna işjeň gatnaşýarlar. Gözel paýtagtymyzda döredilýän seýilgähler şäherimiziň gözel görküne gözellik, owadanlyk, adamlaryň saglygyna saglyk goşýar. Adamlaryň sagdyn ýaşamagy üçin seýilgähleriň ähmiýeti örän uludyr. Seýilgählerde ösümlikleriň dürli görnüşleriniň ekilmegi, ýaprakly baglaryň pasyllar boýunça baldajyklarynyň, ýapraklarynyň ösüşi, gülleýşi we ýakymly yslary, açylan güllere uçýan mör-möjekleriň gonuşy, miwe emele getirişi, güýzdäki ýapraklaryň altynsow öwsüp, ýere gaçyp başlamagy her bir ynsanda ýakymly duýgulary oýarýar. Tebigat gözelliginiň bir bölegi bolan seýilgählerde oturyp dynç almak, onuň owadanlygyny, dürli beýiklikdäki suw çüwdürimlerini synlamak we olaryň döredýän özboluşly seslerini eşitmek, guşlaryň jürküldeşip saýraýan dürli owazlaryndan lezzet almak ynsan üçin iň gowy dynç alyşdyr. Baýramçylyk öwüşginlerine beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde «Laçyn» we «Erkin» seýilgähleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi guwandyryjy wakalaryň biridir. «Laçyn» seýilgähinde oturdylan saýaly we pürli baglaryň hem-de bägülleriň birnäçe görnüşleri, suw çüwdürimleri, dynç almak üçin üsti ýapylan dalbarlary, seýilgähiň gijeki öwüşginini ýagtylandyrýan çyralaryndaky laçyn guşunyň şekili gezelenç edýän ynsanlaryň göwnüni göterýär. «Erkin» seýilgähiniň merkezinde beýikligi 22 metr bolan Baýdak sütüninde parlap duran ýaşyl baýdagymyz eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny oýarýar. Seýilgähiň özboluşly yşyklandyrylyşy, paýtagtymyzyň owadan gijelerine gözellik öwüşginlerini çaýýar. Ýörite welosiped sürüjiler üçin ýodalaryň göz öňünde tutulmagy, sazlaşykly owadanlygy emele getirýän göni hatarlanyp ekilen pürli, saýaly baglar, gülleriň birnäçe görnüşleriniň ekilmegi seýilgähiň özüneçekijiligini has-da artdyrýar. Bu seýilgähler Aşgabat şäherinde öňden bar bolan seýilgähleriň üstüni ýetirmek bilen diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl-de, myhmanlar üçin hem ruhy lezzet, dynç almaga giň mümkinçilikleri açýar. Köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasy bilen sazlaşykly owadanlygy emele getirýän «Laçyn» we «Erkin» seýilgähleri paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büräp, daşky gurşawy howanyň düzüminiň sazlaşykly durnuklylygyny goramakda ähmiýetlidir. Goý, gözel Diýarymyzy, ak şäherimiz Aşgabady gür baglyga, täsin binagärlige besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code