Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy


21.01.2022 2220
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi. Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we gurluşyk işlerinde nazara alynmaly esasy şertleriň biridir. Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar, dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Ş.Durdylyýew bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän dürli maksatly binalaryň görnüşleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň teklip edilýän baş meýilnamasy, ýollaryň teklip edilýän çyzgysy hem-de belent gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly taslamalar bar. Şeýle hem “akylly” öýüň enjamlaryny dolandyrmak, dolandyrylyşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, suw, gaz we beýleki ulgamlary aralykdan dolandyrmak, “akylly” şäheriň dürli ulgamlary, şol sanda elektro awtoulag düzümi barada maglumat berýän şekiller görkezildi. “Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy bular barada hasabat bermek bilen, “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze şäheriň gurluşygynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, internet ulgamlaryny, şeýle hem sanly ulgamy utgaşdyrmak konsepsiýasynyň amala aşyrylmalydygyny belledi we ýaşaýyş düzümleriniň ähli ugurlarynyň täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dolandyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy teklip edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamalar bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanyldy. Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz bilim edaralarynyň teklip edilýän binalarynyň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zamanyň ýagdaýyndan we dünýä tejribesiniň gazananlaryndan ugur alynmalydygyny belledi we bu babatda işleri talabalaýyk derejede alyp barmagy, görkezilen taslamalaryň täzeden işlenilmegi barada ministre anyk tabşyryklary berdi. Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda bar bolan inženerçilik-zeýkeş we lagym ulgamlarynyň ýagdaýy we şäheriň çäklerinde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, şeýle hem bu ulgama degişli desgalary gurmak boýunça teklip edilýän taslamalaryň görnüşleri, olaryň geçiriljek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlaryndaky we beýleki desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra degişli desgalaryň gurluşygynyň taslamalary we onuň bilen baglanyşykly gurluşyk işleriniň maksatnamasy taýýarlanylanda, ylmyň gazananlaryna möhüm üns berilmelidigini, şeýlelikde, bu işlere ylmy esasda seljermeleriň geçirilmelidigini belledi. Şäheriň çäkleriniň yzygiderli giňelýändigini, onuň çäklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginlerde dowam edýändigini nazara alyp, degişli inženerçilik desgalarynyň, dürli maksatly binalaryň we lagym ulgamlarynyň gurluşygyna jogapkärçilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan derejede çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Aşgabat şäheriniň köçelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalary we oturdylmagy meýilleşdirilýän duralgalaryň, yşyklandyryş ulgamynyň we ýol belgileriniň şekil taslamalary, olaryň görnüşleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen paýtagtymyzyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk, abadanlaşdyryş we abatlaýyş işleriniň ähli görkezijileri babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň köçeleriniň we beýleki desgalarynyň durkuny täzelemek işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary işjeň ulanylmalydyr. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigini, şunda ýokary tehnologiýaly ulgamy ornaşdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek hem gurluşygyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara derejä laýyk gelmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» hökmünde ykrar edilip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda etraplar tutuşlygyna döwrebap ýagdaýa getirildi. Täze iri ýaşaýyş toplumlary bina edilip, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy. Şoňa görä-de, şäher ajaýyp binagärlik çözgütleri bilen täze desgalaryňdyr kaşaň binalaryň gurulmagy netijesinde barha gözelleşýär. Biz geçen ýyl şäheriň demirgazygynda ägirt uly, döwrebap we täzeçil taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berdik. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik däpleri öz beýanyny tapar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat-siti» diýip atlandyrylan bu ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, ýörite pudagara toparynyň döredilendigini we onuň düzüminiň tassyklanandygyny aýtdy. Täze guruljak ýaşaýyş toplumynda alnyp baryljak işlere gözegçilik etmek üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Gurulýan desgalaryň direksiýasy döredildi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bu özboluşly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy bilen bagly garaýyşlaryny beýan etmekleri üçin, «Aşgabat-siti» portaly döredildi we işe girizildi diýip, milli Liderimiz belledi. Paýtagtymyzdaky täze şähere öwrüljek «Aşgabat-sitiniň» Baş meýilnamasynyň şekil taslamasyna laýyklykda, 200-den gowrak binany öz içine alýan bu ägirt uly toplumda 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze şäher üçin saýlanyp alnan ýerde jikme-jik inženerçilik-gözleg işlerini geçirmek, durnuksyz topraklary berkitmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işlerde iň soňky «smart», ýagny «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de her binadyr desgany sanly ulgamyň enjamlary bilen üpjün etmegiň, sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri bolandygyny belledi. Geçen ýylyň dowamynda örän möhüm taryhy wakalaryň ikisi — Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýi uly dabaralara beslendi. Muny şöhrata beslenen ýylyň dowamynda amala aşyrylan beýik işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, şäherimiziň tämiz bolmagyny üpjün etmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň we ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatlaryny diňledi. Degişli gulluklaryň ýolbaşçylary hasabatlarynda ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik aýratynlygy, gurulmagy teklip edilýän dürli maksatly desgalaryň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler we onuň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumatlary berdiler. Ak mermerli Aşgabatda giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň binagärlik çözgütlerine wajyp orun degişlidir. Munuň özi paýtagtymyzda bir bitewi binagärlik sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirýär. Hasabatlardan görnüşi ýaly, şäheriň arassaçylygy we abadançylyk derejesi hemişe ünsde saklanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler Aşgabat şäheriniň derejesine laýyklykda ýola goýulýar. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzyň ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýörite iş meýilnamasy taýýarlanylyp, ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem şäherde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, zeýkeş-aragatnaşyk ulgamynyň, suwaryş gullugynyň işini kämilleşdirmek meseleleri möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şunlukda, ýaşaýyş jaýlarynyň üpjünçiligine, olaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hasabatlaryň çäklerinde şäheriň ilatyny aragatnaşygyň häzirki zaman düzümleri bilen üpjün etmek, saglyk öýleriniň kadaly işini ýola goýmak, şol bir wagtyň özünde şäheriň çäklerinde ýokary ekologik ýagdaýy saklamak meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy döwrebap derejede ösdürmek, degişli gulluklaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek hem-de täzeçil usullary milli ýörelgeler bilen utgaşdyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň önümçilik mukdarynyň artdyrylmagyna, olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Biziň maksadymyz özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan şäheri döretmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Jemagat hojalygynyň we beýleki degişli gulluklaryň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy, şäherde ýokary arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň kämilleşdirilmegi, düzüme degişli kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň hem üns merkezinde saklanylmalydygyny, paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan gök zolaklaryň giňeldilmelidigini we şäheriň toprak-howa şertleriniň nazara alnyp, bag nahallarynyň oturdylmalydygyny belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň gurluşyk toplumynda gazanan oňyn tejribeleri “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynda işjeň ulanylmalydyr. Bu işler bilen bir hatarda şäher ilatyna edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylmalydyr hem-de hili gowulandyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow häzirki döwürde institutda ýurdumyz üçin zerur binagärleri, taslamaçylary we gurluşykçylary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugra degişli okuw sapaklarynyň maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde geçilýän sapaklaryň, amaly okuwlaryň tejribede utgaşdyrylmagynyň, şunda gurluşyk babatda dünýäniň ösen tejribesiniň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli öwrenilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli çig mallardan gurluşyk senagaty üçin zerur serişdeleri taýýarlamak, türkmen topragynda bar bolan magdan serişdelerini ylmy taýdan öwrenmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyklaryny zerur serişdeler bilen doly üpjün etmegiň häzirki döwrüň wajyp talabydygyna ünsi çekip, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline we olaryň berkligine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli tabşyryklary berdi. Soňra gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, oňa dünýäniň ösen tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde giň möçberli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygyny belledi. Ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip nygtady. Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow şäheriň ähli düzümleriniň gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, paýtagtymyzyň çäklerinde arassaçylygy, abadançylygy yzygiderli ýola goýmak, şol bir wagtyň özünde şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek ugrunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny belledi. Şunda şäher düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, oňa täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, şeýlelikde, ak mermerli paýtagtymyzyň gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Ş.Durdylyýew hasabat bermek bilen, bu ýerde emele geljek täze ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň ylmy taýdan barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek, gurluşyga ýokary tehnologiýaly ulgamy ornaşdyrmak we bu ugurda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuşlygyna täzeçil usullara, häzirki zaman ýörelgelerine esaslanýan “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň döwrebap binagärlik çözgüdine eýe bolmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, işleri talabalaýyk guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleri degişli derejede ýola goýmagy berk talap etdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň 2022-nji ýyl üçin bellenilen meýilnamasy we onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde milli Liderimiziň sargytlaryndan we häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alnar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ak mermerli Aşgabadyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty bolmakdan başga-da, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Şoňa görä-de, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynda we maýa goýum maksatnamasynda şäher häkimliginiň we onuň müdirlikleriniň amala aşyrmaly işleri doly göz öňünde tutulmalydyr. Paýtagtymyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, jemagat hyzmatlarynyň hilini düýpgöter ýokarlandyrmaga, pudagy düýpli döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binalaryňdyr jemagat desgalarynyň gurluşygynyň giňden alnyp barylmalydygyny, bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmek we daş-töweregini abadanlaşdyrmak işleriniň yzygiderli geçirilmelidigini belledi. Bu işler aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen olaryň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döreder. Umuman, Aşgabat özüniň belent derejesine laýyklykda, ähli babatda, şol sanda abadançylyk hem-de amatly şertleri bilen öňdebaryjy, sanly tehnologiýalar, bezeg we ekologiýa babatda nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimiziň baş şäherini mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak boýunça hemmämiziň öňümizde uly wezipeleriň durýandygyny belläp, ak şäherimiz Aşgabadyň bütin dünýäde abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň nusgalyk merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code