«Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär


15.07.2022 63
«Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär

13-nji iýuldaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Programma üpjünçiligini we innowasion usullary işläp taýýarlaýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, bu bäsleşige 2020-nji ýylda badalga berildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagaty, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan mejlisde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ünsi çekip, «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda Agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code