Özbek Lideriniň Türkmenistana geljekki saparynyň çäklerinde Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi açylar


15.07.2022 59
Özbek Lideriniň Türkmenistana geljekki saparynyň çäklerinde Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi açylar

Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde, 14-nji iýulda Daşkent şäherinde giňeldilen düzümde geçirilen gepleşiklerde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşynyň çuňňur manyly, möhüm waka boljakdygyny nygtady. 

Iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edenlerinde, özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, geljekki saparynyň çäklerinde doganlyk ýurduň paýtagtynda gurulýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny belledi.

— Häzirki wagtda «Aşgabat» seýilgähi Daşkendiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Türkmen paýtagtyndaky «Daşkent» seýilgähiniň hem şeýle özüne çekiji, ajaýyp ýerleriň biri boljakdygyna ynanýaryn — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýratyn nygtady.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code