Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna badalga berildi


25.07.2022 37
Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna badalga berildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, işewürlik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işleri «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Binanyň taslamasy dört sany okuw binalaryndan we hersi 300 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýlaryndan, şeýle hem kitaphanadan, naharhanadan, ýapyk we açyk sport desgalaryndan ybarat döwrebap toplumyň gurluşygyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Merkezi banky «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz berer.

Binany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Täze ýokary okuw mekdebi Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 183-nji jaýy salgysy boýunça ýerleşer. 

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code