«Aşgabatgaz» müdirligi tebigy gazdan tygşytly peýdalanmagy ýatladýar


26.07.2022 71
«Aşgabatgaz» müdirligi tebigy gazdan tygşytly peýdalanmagy ýatladýar

«Aşgabatgaz» döwlet müdirligi ýurduň raýatlaryny tebigy gazy ýerlikli we tygşytly peýdalanmaga çagyrýar. 

Müdirlik bu babatda gaz enjamlaryndan peýdalanylanda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidigi barada duýdurýar.

Gaz plitalaryny penjiräniň açyk ýagdaýynda ulanmalydyr, sebäbi gaz enjamlarynyň uzak wagtlap işlemegi bilen, otagda kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy ýokarlanyp, zäherlenmä sebäp bolup biler.

Merkezi ýyladyşly ýaşaýyş jaýlarynda gaz gyzdyryjylaryny oturtmaga rugsat berilmeýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda gaz enjamlaryny özbaşdak oturtmak, ýerini üýtgetmek, birikdirmek we abatlamak gadagan edilendir.

Bu meselede hökmany suratda şu görkezilen salgyda ýerleşýän «Aşgabatgaz» müdirligine ýüz tutmalydyr: G.Burunow köçesi, 7/2 jaý, telefon belgileri: 92-05-02. Gaz hasaplaýjylaryny «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň maglumat merkeziniň laboratoriýasynda her 5 ýyldan bir gezek barlatmaly we sarp edilýän gaz üçin tölegi bolsa gaz hasaplaýjysynyň görkezijisine laýyklykda, K. Kulyýew köçesiniň 81-nji jaýynda ýa-da bank terminaly arkaly tölemelidir.

Zäherlenmelerden, partlamalardan, ýangynlardan we gaz bilen baglanyşykly beýleki hadysalardan gaça durmak üçin gaz enjamlaryny ulananyňyzda degişli howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý ediň:

• Gaz enjamlary işledilen mahalynda aşhananyň penjirelerini açyp goýmalydyr, şeýle-de öý gurşawyny ýygy-ýygydan ýelejiretmelidir;

• Ýelpeýjiniň ýollarynyň gözeneklerini ýapmak ýa-da ýelimlemek gadagandyr;

• Gaz plitasyny açyp işletmekden öňinçä otluçöpi ýa-da ýakyjyny gazyň ýakylýan ýerine tutuň;

• Howurpeji ýakmazdan öňürti ony 2-3 minutlap ýelejirediň;

• Gaz plitasynda daşy çyg gaplary goýmaň, sebäbi gyzgynlygyň düşmegi bilen gapdaky çyglar ody söndürip we öýe gaz ysynyň ýaýramagyna getirip biler;

• Ýyladyjylary ýa-da suwly ýyladyjylary açmazdan ozal tüsseçykardan howanyň çykýandygyny barlamak zerurdyr;

• Gaz enjamlaryny kiçi ýaşly çagalara ýa-da olary nähili ulanmagy bilmeýän adamlara ulandyrmaň;

• Işläp duran gaz enjamlaryny hiç gözden düşürmäň;

• Özbaşdak taýýarlanan ýa-da ýasama gaz ýakyjy enjamlary ulanmaň;

• Gaz ýakyjy enjamlaryň diňe zawodda ýörite taýýarlanan hem-de özünde howpsuzlyk aýratynlyklaryny saklaýan görnüşlerini peýdalanyň.

Öý gurşawynda gaz ysyny duýan badyňyza şu çäreleri görüň:

• Gaz enjamlaryny ulanmagy bes edip öçüriň we ähli gaz ýollaryny ýapyň;

• Öýi ýelejiretmek üçin aýnalary we gapyny açyň;

• Elektrik enjamlary işletmäň, eger işläp duran bolsa-da öçürmäň;

• Telefondan 04 belgä jaň edip, gaz hadysasynda ýetişýän hünärmenleri çagyryň.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code