9-njy awgustda Aşgabatda işe ýerleşmek isleýänler üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler


26.07.2022 44
9-njy awgustda Aşgabatda işe ýerleşmek isleýänler üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

9-njy awgustda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Bu ýarmarka Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesi bilen Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär.

Guramalara, kärhanalara, firmalara hem-de telekeçilere 1-nji awgusta çenli boş orunlarynyň bardygy barada maglumat bermek bilen bu çärä gatnaşmak teklip edilýär.

Işe ýerleşmek isleýän taraplar bolsa ýanlary bilen pasportlaryny hem-de zähmet depderçelerini hökmany almalydyrlar.

Giňişleýin maglumatlary almak üçin zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça edaralara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaý) Tel: 92-14-56;
  • Bagtyýarlyk etrabyndaky edarasy (Bekrewe ýaşaýyş toplumy, 2211-nji köçe, 25-nji jaý) Tel: 37-46-68;
  • Berkararlyk etrabyndaky edarasy (Bekrewe ýaşaýyş toplumy, 2211-nji köçe, 25-nji jaý) Tel: 37-46-67;
  • Büzmeýin etrabyndaky edarasy (Oguzhan köçesi, 8-nji jaý) Tel: 33-12-69;
  • Köpetdag etrabyndaky edarasy (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaý) Tel: 92-15-26;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (S.Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý) Tel: 22-74-07.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code