Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi


27.07.2022 46
Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

Şu gün Türkmenistanda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr. Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Maglumat hökmünde, 23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi.

Onda 16-njy iýulda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code