Türkmenistana temmäki önümlerini getirijiler üçin goşmaça salgytlaryň mukdary artdyryldy


29.07.2022 36
Türkmenistana temmäki önümlerini getirijiler üçin goşmaça salgytlaryň mukdary artdyryldy

Türkmenistanyň «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goş­ma­ça we üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Kanunyna laýyklykda, ýurda getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça tölegler aşakdaky ýaly üýtgedildi:

  • Eger bu kanuna laýyklykda, ozal temmäki önümlerinden gümrük bahasynyň 74 göterimi goşmaça töleg hökmünde alnan bolsa, indi şol mukdar 93 göterime çykaryldy. Şeýlelikde, mundan beýläk bir guty temmäki önümi üçin 3 däl-de, 4 dollar möçberinde goşmaça töleg alnar.
  • Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň 1 kilogramy üçin ozal alnan 15,6 ABŞ dollaryna derek indi 19,5 ABŞ dollary goşmaça töleg hökmünde alnar.

Bu üýtgetmeler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen möhletde güýje girer.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code