Häkimlikleriň wekilleri ýaşlar üçin global pandemiýa sebäpli döreýän töwekgelçilikleri we howplary azaltmak boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdylar


02.08.2022 32
Häkimlikleriň wekilleri ýaşlar üçin global pandemiýa sebäpli döreýän töwekgelçilikleri we howplary azaltmak boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdylar

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň guramalarynyň işgärleri global pandemiýa bilen baglanyşykly köp ölçegli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin ýaşlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak hem-de olary bu işe çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýygnak Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň Bilelikdäki maksatnamasynyň Tehniki toparynyň mejlisiniň çäkleriinde geçirildi.

Halkara derejeli bilermen Şarbanu Tajbahş duşuşyga gatnaşyjylary bu ugurdaky dünýä tejribesi bilen tanyşdyrdy.

Tehniki toparyň agzalary ýolbaşçylar düzüminiň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, bu bolsa meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýdir.

Türkmenistan Hökümetiniň we BMG-nyň Bilelikdäki maksatnamasy ýerli derejedäki döwlet işgärleriniň mümkinçiliklerini artdyrmaga, şeýle hem adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi göz öňünde tutmak bilen, Jemgyýetçilik-ykdysady jogap Meýilnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code