Türkmenistanda ilkinji gezek Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler


04.08.2022 45
Türkmenistanda ilkinji gezek Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler

Üstümizdäki ýylda Türkmenistanda ilkinji gezek täze hünär baýramy – Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler.

Pudagyň işgärleriniň hünär baýramçylygy 6-njy awgustda bellenilp geçiler. Baýramçylyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Permany esasynda, ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen döredildi.

Şol günüň maksatnamasynda çäreleriň giň toplumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda baýramçylyk mynasybetli ýöriteleşdirilen kitap sergisi ýaýbaňlandyrylyp, onda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri, mugallymlary we talyplary üçin dürli ýyllarda neşir edilen edebiýatlar tanyşdyryldy.

Olar türkmen we rus dillerindäki kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, okuw gollanmalaryndan ybaratdyr diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Baýramçylyk mynasybetli 6-njy awgustda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022» atly halkara sergi ýaýbaňlandyrylar, onda toplumyň ýeten sepgitleri, mümkinçilikleri we geljegi bilen tanyşdyrylar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code