Halkara sergidäki Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölüminde türkmen paýtagtyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler görkezildi


08.08.2022 65
Halkara sergidäki Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölüminde türkmen paýtagtyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler görkezildi

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy, diýip TDH habar berýär.

Serginiň maksady diňe bir degişli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri görkezmekden däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelerini, onuň mümkinçilikleriniň, iň esasysy bolsa, Watanymyzyň gülläp ösüşini nazarlaýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny beýan etmekden ybaratdyr.

Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölüminde «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr. Bu ýerde paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ýetilen sepgitler, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň netijeleri-de görkezildi diýlip, çeşmede bellenilýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code