«Awaza» milli syýahatçylyk Halkara ulag maslahaty öz işini tamamlady


17.08.2022 51
«Awaza» milli syýahatçylyk Halkara ulag maslahaty öz işini tamamlady

16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady diýip, TDH habar berýär.

Forumyň işiniň ikinji gününiň çäklerinde birnäçe umumy mejlisler we duşuşyklar geçirildi, dünýäniň häzirki ösüşinde ulag ulgamynyň ornuna bagyşlanan anyk ugurlaryň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, pudaklaýyn düzüme maýa goýumlarynyň çekilmegi, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar üçin türkmen halkynyň baý medeni mirasy we döredijilik däpleri barada gürrüň berýän sergi hem-de sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code