Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi


18.08.2022 59
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna resmi taýdan badalga berildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ulaglaryň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ornaşdyrylmagy multimodal daşamalary amala aşyrmak, halkara söwdany we işewürligi alyp barmak üçin şertleri gowulandyrmak bilen birlikde, milli býujetlere salgytlaryň gelmeginiň artmagyny üpjün edip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi üçin durmuş-ykdysady we täjirçilik artykmaçlyklarynyň döremegine ýardam berer.

Dabara gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

Onda taraplaryň dürli derejelerde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy sanly ulgamy döretmek baradaky teklipleri öňe ilerletmek babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code