Aşgabatda ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleri jemlendi


29.08.2022 37
Aşgabatda ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

27-nji awgustda şenbe güni «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişiniň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşigiň netijeleriniň jemlenmegine we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetiniň iň oňat däpleriniň dowamat-dowam bolýandygy baradaky pikiriň beýanydyr diýlip, habarda beýan edilýär.

Bäsleşigiň alty sany ýeňijisi ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandylar.

Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Nurberdiýewa; «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülşüniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Muhammedowa; «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annaýew; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Agaýew; Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniňtans goýujysy Bäşim Annaýew; Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Jumaýew.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code