Ýurdumyzyň mekdeplerinde geçiljek ilkinji sapak Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine bagyşlanar


31.08.2022 46
Ýurdumyzyň mekdeplerinde geçiljek ilkinji sapak Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine bagyşlanar

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda geçiljek ilkinji okuw sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylyp, Türkmenistanyň täze taryhy döwürde gazanan beýik üstünliklerine bagyşlanar.

Bu barada TDH-niň habarynda bellenilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurduň orta mekdeplerinde, ýörite-orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar.

Bu günde okuwçylary we talyp ýaşlary täze okuw ýyly bilen gutlamaga Hökümet ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşarlar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code