Aşgabatda halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy


01.09.2022 34
Aşgabatda halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy

31-nji awgustda Aşgabatdaky Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Wladiwostokda (Russiýa Federasiýasy) «Aziýanyň çagalary» atly 7-nji halkara sport oýunlarynda we Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen 5-nji Yslam raýdaşlyk oýunlarynda üstünlik gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu ýaryşlarda baýrakly orunlary alan türgenlere dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň ýörite sport geýimleri gowşuryldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code