Türkmen paýtagtynda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi


02.09.2022 37
Türkmen paýtagtynda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda bolşy ýaly, Aşgabatda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.

Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy diýip, TDH-nyň saýtynda habar berilýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code