Aşgabatda welosipediň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy


05.09.2022 28
Aşgabatda welosipediň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy

Ýakyn günlerde Aşgabadyň şaýollarynda welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri beýan edýär.

Ýaryşyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasy hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi çykyş etdi.

50-den gowrak türgen dört günüň dowamynda çempionlyk derejesi ugrunda ýaryşdy. Bäsleşigiň ýaryş maksatnamasynda ýekeleýin, jübütleýin hem-de toparlaýyn, wagt boýunça, şeýle hem toparlaýyn ýaryşlar meýilleşdirilip, olarda ýeňiş gazanan türgenler gazanylan utuklar boýunça kesgitlenildi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code