Aşgabatdaky Sergi merkezinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň eserleri tanyşdyrylýar


05.09.2022 31
Aşgabatdaky Sergi merkezinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň eserleri tanyşdyrylýar

Aşgabat şäherindäki Sergi merkezinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň sergisi guraldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde beýan edilýär.

Bu ýerde akademiýanyň mugallymlarynyň 19-synyň şowly žiwopis eserleriniň 140 sanysy tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Ajaýyp nakgaşlyk eserleriniň hatarynda suratkeşler Guwançmyrat Hojanyýazowyň, Polat Garryýewiň, Gahryman Goçmyradowyň, Annageldi Jumanyýazowyň, şeýle-de Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň çeken suratlaryny aýratyn belläp geçmek bolar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code