Türkmen karateçileri Germaniýada geçen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler


06.09.2022 34
Türkmen karateçileri Germaniýada geçen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanly türgenler Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen karatedo boýunça 17-nji «Banzai Cup-2022» ýaryşynda 16 sany medal (5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç) gazandylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde habar berilýär.

Toparlaýyn ýaryşlarda bolsa türkmen karateçileri Germaniýanyň LV Nordrhein Westfalen toparyndan (6 altyn, 8 kümüş hem-de 8 bürünç medallar) hem-de Slowakiýanyň milli ýygyndysyndan (8 altyn, 6 kümüş we 9 bürünç medallar) asgyn gelip, 3-nji baýrakly orna mynasyp boldy.

Çeşmede bellenilişi ýaly, ýakyn geljekde bolsa türkmen karateçileri 9 — 11-nji sentýabr aralygynda Pardubise (Çehiýa) şäherinde geçiriljek Şotokan karate boýunça 12-nji dünýä çempionatyna gatnaşar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code