Aşgabatda at çapyşygynyň güýzki möwsümi açyldy


08.09.2022 42
Aşgabatda at çapyşygynyň güýzki möwsümi açyldy

Geçen şenbe güni Aşgabat atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň güýzki möwsümi badalga aldy. Şol gün çapyşyklar ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda boldy.

Aşgabat atçylyk toplumynda guralan çapyşyklara tomaşa etmek üçin ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, teleradioýaýlymlaryň hem-de metbugat neşirleriniň habarçy wekilleri, şeýle-de ýaşulylar we at çapyşygynyň muşdaklary geldiler.

Şol günki at çapyşyklary ýedi aýlawdan ybarat bolup, ýaş çapyksuwarlaryň has ökdelerini öňe saýlady.

Ýaryşlarda Tamaly, Keýmirçi, Meledag, Mamajan, Gaýratgetir, Nowruzgül-2 ýaly bedewler pellehana ilkinji bolup gelmegi başardylar. Ýeňiş gazanan bedewlere Ý.Kerimberdiýew, E.Hydyrow, Ý.Jummadow, N.Ilewow, Y.Allanazarow ýaly çapyksuwarlar erk etdiler.

At çapyşyk gününiň jemleýji aýlawynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Ýadygär atly dor at ýaş çapyksuwar N.Nunnaýewiň erk etmeginde pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ähli çapyşyklarda ýeňiji bolan bedewleriň şanyna dabaraly ýagdaýda baýraklar gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, ýekşenbe güni bolsa Aşgabat atçylyk sport toplumynda uly ýaşly çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda gyzgalaňly çapyşyklar geçirildi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code