Aşgabatda «Pasportlaryň we beýleki şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemek» atly okuw maslahaty geçirildi


09.09.2022 36
Aşgabatda «Pasportlaryň we beýleki şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemek» atly okuw maslahaty geçirildi

8-nji sentýabrda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa sebitleýin wekilhanasynyň guramagynda sebit ýurtlary üçin maksatnamasynyň çäklerinde «Pasportlaryň we beýleki şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemek» atly geçirilen üç günlük okuw maslahaty tamamlandy.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar — ýurduň degişli döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we bu ugurda iş alyp barýan halkara we milli bilermen-hünärmenler pasport barlaglarynyň we beýleki şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemek babatda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanşyp, degişli mowzukda pikir alyşdylar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code