Türkmenistanyň Baş baýdagynyň meýdançasynyň durky täzelener


12.09.2022 37
Türkmenistanyň Baş baýdagynyň meýdançasynyň durky täzelener

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagy esasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi paýtagtymyzdaky Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan etdi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Baş baýdagynyň dabaraly açylyşy 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda bolupdy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code