Aşgabatda türkmen-ermeni hökümetara komissiýasynyň mejlisi geçirildi


15.09.2022 18
Aşgabatda türkmen-ermeni hökümetara komissiýasynyň mejlisi geçirildi

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-ermeni Hökümetara komissiýasynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça dokuzynjy mejlisi geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäherine gelen dostlukly döwletiň wekiliýeti gatnaşdy.

Bu barada TDH-niň saýty habar berýär. Taraplar mejlisiň dowamynda ozalky geçirilen duşuşyklaryň netijelerinden soň gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde degişli Hasabata gol çekildi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code