Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň maslahat çäreleri geçirildi


15.09.2022 23
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň maslahat çäreleri geçirildi

Aşgabat şäherinde 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahatda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny anyk kesgitlediler we çözgütleri öňe sürdüler.

Belläp geçsek, şu ýylda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda hem degişli ugurda birnäçe çäreleriň geçirilmegi teklip edildi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code