Türkmen paýtagtynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemi jemlendi


15.09.2022 26
Türkmen paýtagtynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemi jemlendi

"Çalsana, bagşy!" atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Bu barada TDH-niň sahypalarynda beýan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäginde geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi milli medeni mirasy öwrenmek we ösdürmek, şeýle hem şu ýylyň ýanwar aýynda Dutar ýasamak senetçiliginiň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralýar.

Türkmen halk aýdymçylarynyň we bagşylaryň bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa ýurdumyzyň 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky raýatlary gatnaşdylar.

Bäsleşikde ýeňiji diýen ada eýe bolan 12 sany gatnaşyjy — bagşylar we aýdymçylar ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy.

"Çalsana, bagşy!" Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar onuň ahyrynda hormatly prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdiler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code