Aşgabadyň muzeýinde ýaş suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy


15.09.2022 23
Aşgabadyň muzeýinde ýaş suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy

Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ýaş suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Serginiň dowamynda nakgaşlyk suratlary, kiçi plastika sungaty, keramika işleri ýaly Döwlet sungat akademiýasynyň we Türkmen döwlet sungat okuw mekdebiniň okuwçylarynyň hem-de uçurymlarynyň döreden işleri köpçülige görkezilýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code