Şotokan karate boýunça geçen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 102 sany medal gazandylar


15.09.2022 23
Şotokan karate boýunça geçen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 102 sany medal gazandylar

Çehiýa Respublikasynyň Pardubise şäherinde sportuň Şotokan karate görnüşi boýunça geçirilen 12-nji dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 35 sany altyn, 21 sany kümüş hem-de 46 sany bürünç medallary (jemi 102 sany medal) gazanmagy başardylar.

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde habar berilýär.

Dünýä derejesindäki ýaryşa 31 ýurtdan karateçi türgenler gatnaşyp, üç günüň dowamynda dürli ýaş we agram derejelerinde kata (maşk görkezişi - özbaşdak söweş) we kumite (söweş sparring) çykyşlary boýunça 246 sany baýrak üçin bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň ýakyn geljek üçin meýilnamasynda 13-16-njy oktýabrda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň çempionatyny geçirmek göz öňüne tutulýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code