Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi


16.09.2022 54
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi

15-nji sentýabrda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi.

Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp baran işleriniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň resminamalaryna gol çekildi.

Bellenilişi ýaly, maslahata Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Owganystan döwletinden Birleşigiň daşary ýurtly agzalarynyň 16-sy, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny göz öňünde tutup, maslahatda birleşigiň türkmenistanly we daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesi «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenmesi kabul edildi. Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde giň gerimde sergi guraldy. Sergide şekillendiriş we bezeg sungatynyň eserleri, kitaplar, dokma kärhanalarynyň önümleri we lukmançylyk pudagynyň gazananlary tanyşdyryldy.

Çäräniň geçirilmegi mynasybetli bu ýerde paýtagtyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code