Aşgabatda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenler sylaglanyldy


19.09.2022 15
Aşgabatda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenler sylaglanyldy

Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda 17-nji sentýabrda ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH-niň saýtynda beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän baýrak gowşuryş çäresinde baýrakly orunlary eýelän türgenlere dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleriniň toplumy gowşuryldy.

Çäräniň guralmagy mynasybetli bu ýerde türkmen sportunyň ýeňişli menzillerini beýan edýän medallardyr kuboklar tanyşdyryldy, şeýle-de halk aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň konsertleri ýerine ýetirildi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code