Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy


20.09.2022 18
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ykdysady üstünlikleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Sergide Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary döwlet düzümindäki hem-de hususy pudaklaryň kärhanalary tarapyndan hödürlenýän iň oňat önümlerdir hyzmatlar bilen tanşyp bilerler.

Ykdysady üstünlikleriň sergisi iki günläp — 20-21-nji sentýabrda geçirilýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code