Aşgabat şäher häkimliginiň özgertmeleri ykdysady üstünlikleriň sergisinde tanyşdyryldy


21.09.2022 15
Aşgabat şäher häkimliginiň özgertmeleri ykdysady üstünlikleriň sergisinde tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär diýip.

Sergide Aşgabat şäher häkimliginiň pawilýonynda nahal oturtmak, seýilgähleriň bag nahallaryny üpjün ediji hem-de bezeg materiallarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň önümleri tanyşdyrylýar. Bu ýerde enjamlar we jemagat hojalygynyň tehnikalary, ekologiýa we abatlaýyş önümleri hem köpçülige tanyş edildi. Bir söz bilen aýdylanda, sergide şäher häkimliginiň sergisiniň çäklerinde döwrebap şäheriň gündelik durmuşyna girýän zatlaryň dürli görnüşleri sergä gatnaşyjylaryň dykgatynda ýetirildi.

Serginiň esasy eserleriniň hatarynda «Aşgabat-Siti» akylly şäher taslamasynyň hem-de Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň taslamasynyň görkezilendigini bellemek bolar.

Bu ýerde täze inženerçilik we tehniki çözgütleri talap edýän häzirkizaman desgalaryň gurluşygyny görkezýän stendler, aýratyn-da olarda ýerleşdirilen paýtagtyň we ýurduň beýleki şäherleriniň iň möhüm awtoulag ýollarynda bina edilýän awtobanlar, köprüler, geçelgeler, ýerasty geçelgeler we çylşyrymly ýol çatryklary ýaly taslamalar sergä gelýänleriň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code