Ýurduň döredijilik işgärleriniň Aşgabat şäherine gezelenji guraldy


21.09.2022 17
Ýurduň döredijilik işgärleriniň Aşgabat şäherine gezelenji guraldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň ýakynlan günlerinde Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde döredijilik pudagynyň wekilleriniň — artistleriň, bagşy-sazandalaryň, edebiýatçylaryň we žurnalistleriň, kitaphana hünärmenleriniň, şeýle-de beýleki medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň çägine gezelenç gurady.

Köpugurly «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezine barmak bilen, döredijilik işgärleri «Aşgabat» aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlara tomaşa etdiler. Garaşsyzlyk seýilgähinde bolsa döredijilik hünärmenleri toý dabarasyna gabat geldiler. Bu pursatda ýaş çatynjalar ýurduň meşhur aýdymçylary, artistleri we beýleki sungat işgärleri bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code