«Aşgabat — dizaýn şäherim» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi


21.09.2022 17
«Aşgabat — dizaýn şäherim» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Aşgabat şäherindäki «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkezinde ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de «Aşgabat» gazetiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenip, oňa gatnaşanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşige dürli ugurlar boýunça 200 töweregi iş, şol sanda foto we wideo materiallar, şeýle-de şahyrana eserler hödürlenildi. Döredijilik bäsleşiginiň jemlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylaryň 7-si ýeňiji diýlip yglan edilip, degişli Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code