«Aşgabat» Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ýarym finalyna çykdy


22.09.2022 12
«Aşgabat» Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ýarym finalyna çykdy

Paýtagtyň «Aşgabat» futbol topary Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy ýaryşynda ýarym final tapgyryna çykdy.

«Aşgabadyň» futbolçulary «Köpetdag» toparyny 4:0 hasap bilen ýeňdiler. Indi bolsa ýarym final tapgyrynda paýtagtlylar Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary bilen duşuşyk geçirerler.

Ýaryşyň tertipnamasynyň çäklerinde ýarym final tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy oktýabrda hem-de 22-nji noýabrda, Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy bolsa 11-nji dekabrda bolar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code