Aşgabadyň taksi ulaglar parky 150 awtoulag bilen üpjün edildi


22.09.2022 17
Aşgabadyň taksi ulaglar parky 150 awtoulag bilen üpjün edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi diýip, TDH-niň resmi saýty habar berýär.

Aşgabat şäheriniň çäginde işläp başlan täze ýeňil awtoulag taksilerinde bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler göz öňünde tutulandyr.

Täze taksi awtoulaglarynda GPS ulgamynyň enjamlarynyň ýerleşdirilmegi islendik wagtda awtoulagyň nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle-de sürüjiniň ulagy dolandyryş tizligine gözegçilik etmäge ýardam berýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code