Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumyndaky işleri sanlylaşdyrmak dowam edýär


02.02.2021 224
Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumyndaky işleri sanlylaşdyrmak dowam edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edaralarynyň düzüminde degişli düzümi döretmek teklip edilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, sanly ulgamy ähli düzümlere giňden ornaşdyrmak boýunça wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa tabşyryklary berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code