Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy


16.09.2022
Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy

Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň täze wiza merkezi açyldy we onda Gateway International kompaniýasy hyzmatlary ýetirer. 

Türkmen raýatlary iş, syýahatçylylyk, talyp, işewürlik we üstaşyr wizalary, şeýle-de medeni ýa-da sport çärelerine gatnaşmak we Türkiýede lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin wizalary açdyrmak üçin bu merkeze ýüz tutup bilerler.

Täze wiza merkezi Aşgabat şäheriniň şu görkezilen salgysynda ýerleşýär: 2127-nji köçe (G.Kulyýew), 88-nji jaý.

Täze merkez sagat 09:00-dan 17:00-a çenli açyk bolýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code