Üns beriň, bäsleşik!


30.01.2021
Üns beriň, bäsleşik!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi, «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilelikde iň gowy makalalaryň we goşgularyň, dürli žanrlarda ýazylan eserleriň hem-de paýtagtymyzyň gözel künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigini

YGLAN EDÝÄR

Bäsleşige döredijilik işgärleri bilen bir hatarda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiz gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň gülläp ösüşini, ýeten belent sepgitlerini, hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk- binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabadyň dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, sportuň merkezine öwrülmegindäki belent abraýyny, halkymyzyň ruhy galkynyşyny aýdyň şöhlelendirýän, wasp edýän iň gowy eserleri okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň möçberi 3 — 4 kagyzdan uly bolmaly däl. Olar «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat » atly bäsleşige diýen belgi bilen «Aşgabat » gazetiniň redaksiýasyna 2021-nji ýylyň maý aýynyň 20-sine çenli gowşurylmalydyr. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň, goşgularyň we dürli žanrlarda ýazylan eserleriň hem-de fotosuratlaryň iň gowulary gazetde çap ediler. Bäsleşige hödürlenen makalalar, oçerkler, goşgular hem-de fotosuratlar öň gazetdir žurnallarda çap edilen we başga bäsleşiklere hödürlenen bolmaly däl. Bäsleşik Aşgabadyň güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda jemleniler. Ýörite düzülen topar iň gowy eserleri seçip alar. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code