Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlandy


12.03.2022
Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlandy

   Şu gün Türkmenistanda irden sagat 7:00-den başlap, möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlanyp, ýurduň çägindäki ähli saýlaw uçastoklary saýlawçylary kabul edip başlady. Türkmenistanda jemi 2577 saýlaw uçastogy döredildi. Raýatlaryň howpsuzlygy üçin saýlaw uçastoklarynyň ählisinde arassaçylyk we öňüni alyş çäreleri berjaý edildi, 300-den gowrak ýer «akylly» zyýansyzlandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Şu gün geçirilýän Prezident saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurt boýunça jemi 98 940-dan gowragy hasaba alyndy. Prezident saýlawlaryna milli synçylar bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurt döwletlerinden gelen wekiller, şeýle-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ençemesiniň wekilleri syn edýärler. Türkmenistanyň dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi. Şol sanda, Aşgabat şäherinde 310, Ahal welaýatynyň etraplarynda we Tejen şäheriniň çäklerinde jemi 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde 523, Lebap welaýaty boýunça 559, Mary welaýatynda 549 sany saýlaw uçastogy döredilip, olaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramagyň tertibine laýyklykda enjamlaşdyryldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlary teleýaýlymlaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirildi. Saýlaw uçastoklarynda meşhur aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary gurnalýar. Ses bermek 19:00-a çenli dowam eder. Şu ýylyň 19-njy martynda «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler. Şol çäreden soň Kabul ediş merkezinde dabaralar dowam etdiriler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code