Hormatly raýatlar! Aşgabat şäher häkimligi wideorolikleriň bäsleşigini yglan edýär


31.08.2022
Hormatly raýatlar! Aşgabat şäher häkimligi wideorolikleriň bäsleşigini yglan edýär

Aşgabat şäher häkimligi «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly mowzukda wideorolikleriň bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady türkmen paýtagtynyň şu günki ajaýyp keşbini täsirli şekillerde beýan etmekden hem-de bu ugurda iň gowy surata düşürilen wideorolikleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler işlerini 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli «Aşgabat» teleýaýlymynyň guramaçylyk toparyna hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenilýän wideorolikler häzirki zaman telewideniýäniň talaplaryna laýyk bolup, olaryň dowamlylygy 5 minutdan geçmeli däldir.

Guramaçylyk topary tarapyndan hödürlenen işleriň döredijilik hem-de çeperçilik aýratynlyklary, kompýuter-montaž bezegi, reňk we yşyklandyryş özboluşlylygy taýdan, şeýle-de onuň mazmunyna laýyklykda baha berler.

«Aşgabat — dizaýn şäherim» atly mowzukda geçýän wideorolikleriň bäsleşiginiň netijeleri 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli seljerilip, onuň jemleri dabaraly ýagdaýda geçiriler. Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-24-34, 44-24-35.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code