Aşgabat şäher häkimligi ýurduň ykdysady özgertmeleriniň sergisine gatnaşar


15.09.2022
Aşgabat şäher häkimligi ýurduň ykdysady özgertmeleriniň sergisine gatnaşar

Türkmen paýtagtynyň häkimligi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli 20-21-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriljek ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşar.

Paýtagtyň häkimliginiň tanyşdyrjak sergilerinde ýurduň esasy şäheriniň ösüşi, Aşgabatda dürli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler, özgertmelere, tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada beýan ediler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code