Elektron ýüz tutmagyň tertibi


   Fiziki şahslaryň ýaşaýyş jaýy üçin ýüz tutmalaryny elektron görnüşde kabul etmek üçin şu hereketleri yzygiderlikde ýerine ýetirmegiňizi soraýarys:

1. Ýüz tutmagyňyzyň sebäbini giriziň;

2. Adyňyzy giriziň; 

3. Familiýaňyzy giriziň;

4. Ataňyzyň adyny giriziň;

5. Etrabyňyzy saýlaň;

6. Pasport belgiňizi giriziň;

7. Telefon belgiňizi giriziň; 

8. Ýaşaýan Salgyňyzy giriziň;

9. Faýllaryňyz bar bolsa birikdiriň; 

10. Email salgyňyzy giriziň; 

11. Ýüz tutmanyň mazmuny;

   Ýokarda görkezilen ähli amallary ýerine ýetireniňizden soňra “ugratmak” düwmesine basyň. “Ugratmak” düwmesine basanyňyzdan soňra Siziň ýüz tutmaňyz kabul edilýär. Ýüz tutmaňyzyň kabul edilendigi barada görkezilen telefon belgä ýüz tutmanyň kabul ediş belgisi ugradylar.

   Siziň ýüz tutmaňyz “Türkmenistanyň Administratiw önümçilik hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, netijesi barada arzaňyzda görkezen salgyňyza 1 aýyň dowamynda ýazmaça jogap beriler.

Bellik: Ýüz tutmany dolduran wagtyňyz “*” ýyldyzjyk görkezilen ýerler hökmany doldurylmaga degişlidir, şeýle hem Siziň şahsyýetiňizi tassyklamak üçin islendik tassyklaýjy resminamaňyzyň nusgasyny goşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code